Kolhoz hakykaty

Adam aýtdy:

"Her hili nesihat berdiler, emma hiç kimiň nesihatyny tutmadym, pensiýa çykýançam özüm bolup işlejek, özüm bolup ýaşajak boldum. Ýalňyşanymy soň bildim, kolhozda suw getiren bilen küýze döweniň tapawudy bolmajak eken. Emma muňa garamazdan, başga ýerlerde ýapylsa-da, bizde kolhoz gurluşy, batrakçylyk saklanyp galdy. Dogry, indi ony başgaça atlandyrýarlar, başga-başga sözler bilen düşündirýärler. Emma onuň many-mazmuny, adamy erksiz batrak, ýokarda birleri üçin iş maly edip saklamak wezipesi üýtgemeýär. Indi, garrap sandan galamsoň ýadyma düşýär, bir ýaşuly "Biziň kolhozymyzda iň uzak we iň agyr işlän at boldy, emma ony barybir başlyk etmediler, garrap, tapdan düşen badyna-da ete tabşyrdylar" diýipdi. O wagt ýaşdym, gep başlyk bolmakda däl, özüň bolmakda diýerdim. Emma kolhozda özüňi özüňe goýmaýan ekenler, mal edinýän ekenler, ete tabşyrýan ekenler."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024