Adamlar özlerine garşy bolanda
Adam aýtdy:
"Biz döwletiň ýa syýasatyň, azan häkimiýet wekilleriniň öňünde goragsyz, ejiz, olar bizi nähili depeläsi gelse, şonuň ýaly hem depeläp, ýeke-ýekelikde ýok edip bilýär. Ýöne muňa döwlet ýa syýasat, bozuk resmiler günäkär diýmek gülkünç. Sebäbi döwlet we syýasat adam beýnisiniň, adam gylyklarynyň önümi. Biz öz beýnimiziň ýa-da öz gylyklarymyzyň, edýän ýa etmeýän hereketlerimiziň pidasy bolýarys. Mysal üçin, köpümiziň ene-atamyz bize döwletden gorkmagy, syýasatdan çeke durmagy öwredýär. Köpümiz bolsa, öwredilmese hem, öz gysga möhlet abadançylygymyz, belki-de howpsuzlygymyz üçin, syýasatdan çetde durmaga, döwlete ýaranyp ýaşamaga ýa-da sesimizi çykarman saklanmaga çalyşýarys. Adalatsyzlyklara garşy durmak, hak-hukuk ugrunda göreşmek, işjeň herekete, syýasy partiýa goşulmak – bular biziň işimiz däl, başga birleriniň işi. Onsoň, başga birleri hem biz ýaly pikir edýär, bu meniň işim däl, başgalaryň işi diýýär. Şeýdip biz döwletiň, syýasatyň ýa eden-etdilikleriň öňünde goragsyz galýarys, özümizi depelejek häkimiýet wekilleriniň barha beter azmagyna ýol açýarys. Muny biziň özümiz edýäris. Adam, millet özüne garşy bolanda, öz çagalaryna ýamanlyk, öz gelejegine kast etjek bolanda, hut şeýle hereket etmeli."