Post-imperiýa derdi

Adam aýtdy:

"Men post-sowet giňişliginde kän duşýan bir hassalyga, imperiýa nostalgiýasyna azda-kän düşünýärin. Sowet imperiýasynyň dargamagyndan ejir çekýän adamlar dürli döwürlerde ata-babalarynyň guran imperiýasy ýykylandan soň geçeni arzuwlan adamlardan kän tapawutlanmaýar. Ýöne imperiýalar ýykylanda, adatça olara milli taýdan dahylly bolan ýa-da şol döwürde beýlekilerden gowy ýaşan, ýokary wezipe ýa orun eýelän adamlar ejir çekýär, imperiýa zor bilen, gan bilen birikdirilen halklaryň wekilleri, adaty durmuşda ýaşan adamlar begenýär. Käte imperatoryň milletine degişli bolup, imperiýadan peýda däl, zyýan gören adamlar hem, sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar diýen ýaly, ýykylan imperiýa bir zat diýseň, aýdylýan zat ykrar edilen fakt hem bolsa, onuň aýdylmagyny halamaýar. Sebäbi, nähilidir bir milli beýiklige ymtylýan, öz milletinden biriniň güýçli ýa atly-şöhratly bolmagyndan teselli gözleýän adamlar özlerine etniki wekilçilik edilen imperiýanyň ol ýa-da beýleki görnüşde ýazgarylmagyny göni özlerine çekýärler. Bir düşündirişe görä, bu olaryň özlerini şol imperiýanyň dowamy ýa bir bölegi hasaplamagy, özlerini ondan aýry göz öňüne getirip bilmezlikleri bilen bagly. Bu adama mahsus duýgy we oňa belli bir derejede düşünip bolýar. Emma milletdeşleri, obadaşlary sowetler tarapyndan gyrlan, emläkleri alnan we zorlukly kollektiwleşdirilen, özi çagalygyndan pagta gulçulygyna salnan adam Staline ýa häzir onuň ýoluny dikeltjek bolýanlara bir zat diýlende, uruşjak bolup dursa, düşünmek kyn. Muňa stokgolm sindromy hem diýesim gelenok..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024