Ýitirilen sylag-hormat

Adam aýtdy:

"1980-nji ýyllaryň aýagynda, görüşmek, gürleşmek mümkinçiligi bolanda, şol wagtky ýaşula bir haýyş bilen ýüzlendim: "30-njy ýyllarda halk duşmany diýlip türmä basylan, atylan, soň aklanan intelligentsiýa wekilleri hakynda dokumentleri, şaýatlaryň beren görkezmelerini öwrenip, olaryň garyndaşlary, tanyşlary bilen söhbetdeşlik gurap, dokumental filmler tapgyryny döredesim gelýär, arhiwleri görmäge, kamera-beýleki almaga kömek etseňiz?" Ol "gürrüňi ýok, men degişli adamlara tabşyryk bererin" diýdi. Şondan soň partiýanyň ideologiýa sekretary, döwlet başyndaky üçünji adam maňa "arhiwleri dörmezligi, şaýatlaryň beren görkezmeleri bilen tanyşmazlygy, häzir tanaman sylap ýören adamlarymyň biri-birine töhmet atyşyny, duz iýşen adamlaryny, hatda özlerini hem satyşlaryny görmezligi" maslahat berdi: "Soň intelligentsiýanyň içinde sylara adam tapmarsyň, özüňe, milletiňe hormatyňy ýitirersiň" diýdi. Ol, dogrusy, sylaýan adamlarymyň biridi, maslahatyny alman biljek däldim. Üstesine, bu maslahatyň has ýokardan gelýän bolmagy hem mümkindi. Şondan üç-dört ýyl soň, öňki üçünji sekretaryň baş redaktorlyk edýän žurnalynda döwlet senzurasy bilen bagly krizis döredi, onuň orunbasarlarynyň biri we ýene bäş-alty işgäri bir günde işden çekildi. Moskwadan il gözüne azat, kagyz ýüzünde hukuk döwletini gurýan ýolbaşçylar senzurany saklap galmak isleglerini, özlerine we halka hiç bir ynamlarynyň ýokdugyny açyk aýdyp bilmeýärdiler, şonuň üçin bu ýerde nähilem bolsa bir düşündiriş gerekdi. Onsoň ýaňky sylaýan intelligentim, ozalky üçünji sekretar metbugatda "žurnaly şübheli adamlardan saplandygyny" aýdyp çykyş etdi. Bir hepde-on gün soň onuň ýolbaşçylyk edýän žurnalyndaky wezipesinden işden çekilen kärdeşime pete-pete geldim, ol baş redaktoryň ýazan makalasyna işden çekilen kärdeşleri bilen bilelikde beren jogaplarynyň çap edilmändigini, muňa hiç bir düşündiriş hem bermändiklerini aýtdy. Dogrudanam, bu hili ýagdaýda kimdir birlerine bolan sylagyň, şonuň bilen birlikde öz milletiňe, özüňe bolan hormatyň hem azalýan eken."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024