Dereje we yzlaýjylar

Adam aýtdy:

"Ozallar, ýurt içinde ýaşaýarkam, ýolda-yzda öňümden çykan, toýda-ýasa durşan kärdeşler, tanyş-bilişler gazetde bir zadym çykan bolsa, 'okadym, gowy eken, plan ýerini nemeräk eden bolsaň, hasam gowy boljak eken, bu meniň öz pikirim, elbetde; ýa pylan zadyň çykypdyr, gördüm, okap ýetişmedim, aýryp goýdum, hökman okaryn-beýleki' diýip, sypaýyçylyk ederdiler. Emma daşary ýurtda düýpden başga ýagdaýa duşdum: ýazan, ýa efire berlen, ýa internetde goýlan zadyň hakynda bu hili gürrüň ýa sypaýyçylyk edýän tas ýok, käbirleri seniň işiňi asla agzamaýar, käbirleri bolsa, soralsa-soralmasa öňürdip, 'hiç zat okamok, hiç zat dilämok' diýip, soň edýän gürrüňiniň dowamynda ýazan zadyňy okandygyny ýa çykyşyňy diňländigini bildirse-de, öňünden başyndan gum sowurýar. Elbetde, bu hili adamlara olaryň okamagy ýa diňlemegi üçin hiç zat ýazmaýandygyňy, çykyş taýýarlamaýandygyňy, edýän işiňi ozaly özüň üçin edýändigiňi, soň az hem bolsa biljek adamlar bolar diýen umytdadygyňy aýdasyň gelýär, ýöne aýtmaýarsyň. Söz zaýalamak nämä gerek diýýärsiň. Içiňden bolsa, Magtymgulynyň "Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr" diýen setirlerini gaýtalaýarsyň. Şonuň bilen wagtda, ol ýa beýleki derejede özüni açýan, sosial mediada pikirini aýtjak bolýan ýa-da özüni görkezjek bolýan köpelýär. Özem, orta ýa öňe çykýanyň intellektual derejesi näçe pes bolsa, deňeşdirilende, diňleýjisi ýa okyjysy, yzlaýjysy şonça hem köp bolýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024