Allanyň jogaby

Adam aýtdy:

"Otuz ýyllap her gün, ir ertir we giç agşam namazdan soň oturyp, allany çagyryp, il-günüm üçin hudaýa ýalbardym: "Gudraty güýçli taňrym, meniň halkymy hem gaflat ukusyndan oýar, bu gaçan çukuryndan çykar, men-menlikden, bir-birege bahyllykdan, ýigrençden halas et, olar bir-birini iýip gutarmasyn?!" diýdim. Ahyry öten agşam hudaý düýşüme girdi: "Bendäm, bagyşla, men seniň halkyňa kömek edip bilemok" diýdi. "Näme üçin?" "Sebäbi adamyň özi özüne kömek etmese, oňa allanyň edip biljek kömegi ýok. Sen bilýänsiň, derdini bejertjek näsag öz tarapynda, lukmanyň tarapynda bolmaly, derdiň tarapynda bolmaly däl. Seniň halkyň öz tarapynda däl, özüne garşy ýa-da özüne garşylaryň tarapynda, garaňkylyk, gümürtiklik tapsa, aýdyňlyga, ýagtylyga tarap seretmeýär, dilinde bir zat, ýüreginde başga zat, ne özüne, ne ile, ne-de alla ynanýar. Beýle milleti ýalňyş ýoldan yzyna dolamak kyn bolar..." Şu ýerde oýanypdyryn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024