Watan pasporty
Adam aýtdy:
"Mysapyrlykda ýörenime onlarça ýyl boldy. Yzyma, dogduk watanyma baryp-gaýtmak, ölen-ýiten hossarlarymyň ýerine görünmek üçinem döwletden wiza almaly. Emma bizde wiza almagam aňsat däl, sebäbi biri yzyňdan çakylyk ibermeli. Ýöne buda hemmesi däl, çakylyk çakylyk iberjek döwtalap tapylsa, onuň özüniň yzyndan hem çakylyk gelýär, soragy köpelýär. Onsoň, öňräk bir kärdeşim maslahat berdi: "Sen ozalky resmi ýa ogry-jümri däl, häkimiýet dawaň ýok, bärden pasport al, başlyga ýüz tut, saňa berjekler ýaly, eger öz pasportymyzy alsaň, wizasyz gelip-gidip bilersiň." "O nähili, täze kanunlar goşa raýatlyga ygtyýar bermeýär, haýsam bolsa birini saýlamaly dälmi?" "Ol kagyz ýüzünde şeýle, ýöne goşa raýat bolup, goşa pasport göterip ýören ýüzlerçe adam bar, olara göz ýumýarlar, akylly bolsaň, saňa-da göz ýumarlar." Pikirlendim. Dogrudanam, watan pasportyny alsam, wizasyz baryp-gaýdyp, merhumlarymyň ýerine görnüp biljek, ol pasport maňa şeýle mümkinçiligi berýär. Ýöne ol pasport meniň watandaşlaryma öz bir-birleri bilen edýän oýunlaryny etmek, maňa islendik wagt islän töhmetlerini atmak mümkinçiligini hem berýär. Sebäbi şondan soň men ilkinji nobatda olaryň öz raýaty, öz türmelerine degişli bolýaryn. Meni urup-ýençmek, aç-hor saklamak, öz-özüme töhmet atdyrmak, etmedik günämi ak ýürekden boýun aldyrmak, toba etdirmek, türmede öldürmek we bu barada hiç kime hiç bir jogap ýa düşündiriş bermezlik aňsat bolýar... "Ýok, maňa beýle pasport gerek däl" diýdim. Kärdeşim muny gaty görüp, habarlaşmagyny bes etdi."