Çilimden gowy bolmadyklar

Adam aýtdy:

"Arada bir çakylyga baramda, köne dostumyň ýokarda işleýän ogluna pete-pet geldim. Ol daş işikde çilim çekip duran eken. Salam-helikden soň gülüp: "Telewizorda depderçäňe bir zatlar ýazyp duranyňy kän görýän. Bu işi edýän diňe sen däl, elbetde. Duşsa, näme ýazýanyny soraýyn diýip ýördüm" diýdim. Ol gülüp: "Alla ýalbarýan, 'taňrym, şu gezegem gaýrat et, käýinçsiz, soňky duýduryşsyz, işden kowdurman, türmä basdyrman geçir, bäş wagt namazymy sypdyrmaýyn, il-güne rehimli bolaýyn' diýip ýazýan" diýdi. "Soň onsoň beren wadaňda tapylýarmyň?" "Tapylma nire, indiki mejlise çenli hiç zat ýadyma düşenok... Diňe men däl, hemmeler şeýle - diýip, ol ýarpy çeken çilimini ýere taşlap, ony aýagynyň astyna aldy. - Çekilip-çekilmän taşlanan çilimden gowy bolmadyk, walla..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024