Biz nämeden gorkmaly?

Adam aýtdy:

"Arada Wladimir Pozner bilen söhbetdeşligiň ýazgysyny okadym. Ol özüniň Hytaýdan gorkýandygyny aýdýar. "Meniňçe, hökman harby ýol bilen bolmasa-da, Hytaýyň bizden uly ýerleri, şol sanda Sibiri basyp almak boýunça çynlakaý planlary bar. Şu günki günde Hytaý totalitar ýurt, ol ýerde düýpden hiç bir azatlyk ýok. Men bu ýurtdan gary ätiýaç edýärin... olar örän başarnykly, örän sabyr-kanagatly, olar örän uzak wagtlap garaşyp bilýärler we örän howply" diýip, Pozner içini dökdi. Onuň pikiriçe, Orsýetiň bu ýurda tarap öwrülmegi belli bir derejede mejbury, belli bir derejede ýuwaş-ýuwaş: 'ine, serediň, biz siz bilen bolmarys, biz olar bilen bolarys" diýen oýun ýaly bir zat. "Ýöne olar biziň özleri bilen bolmajagymyza gaty gowy düşünýärler, şu sebäpden olar biz bilen bolmazlar. Olar bizi peýdalanarlar we soň taşlarlar. Şu sebäpden hytaýlylardan men örän howatyr edýärin we biziň ýolbaşçylarymyz kim bilen iş salyşýandyklaryna düşünýändir diýip umyt edýärin" diýip, Pozner putinçi hökümetiň kemakyllygyny ýaňzydýar. Eger Orsýet şeýle howp astynda bolsa, biz nämeden gorkmaly? Hytaýlylar ilki ýurdumyza gelende, oglum olara biraz wagt terjimeçilik etdi. Şonda ol olaryň "Bu ýurtda biz diňe çaýnatawn däl, çaýnakantri gurarys" diýenlerini gürrüň berýärdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024