Uly öwrülişik

Adam aýtdy:

"Ýa ölersiň, ýa garrarsyň diýleni. Garradym, mekdepde bile işlän goňşymyň körpe ogly bilen goňşy bolup galdym. Aramyzda kän gatnaşyk ýok, pete-pet gelse salam berýär, emma köçeden geçip barýan wagty görmedik bolýar. Düýn, jaýyň ýeňsesinde güneşläp, gazetleri gözden geçirip otyrkam, birden salam berip geldi. "Geçip barýardym-da, 'salamlaşaýyn, hal-ahwal soraýyn' diýdim" diýdi. Geň galdym: "Gün günbatardan dogdumy ýa dünýede başga bir uly öwrülişik boldumyka?" diýip, içimden pikir etdim. Kakasy bilen günde-günaşa çaýlaşardym. Pahyr, elli ýyla golaý çaga okatdy, iliň çagasyna bilim berjek bolup jan çekdi. Ýogsa, bu dünýede öz çagaňy oakdyp, bilimli edip bilseňem, zor boldugyň. Uluja ogluny, iki gyzyny okatdy, emma soňkulary kän okuw bilen bolmady. Erbet ýeri, okuwsyzyň ýanýoldaşy, çagalary hem köplenç okuwsyz bolýar. Goňşym ýogalandan soň, onuň ömür boýy ýygnan kitaplary, žurnallary eýesiz galdy. Soň eşidişime görä, o kitaplar birki ýyl içinde hajathanadan geçipdir. Kärdeşlerimiň biri başga bir kärdeşimiň ýerine görnemde gürrüň etdi. "Kyrkynda uzak gün oturamsoň, birki gezek aýakýoluna gitmeli boldum. Görsem, Hemiňweý aganyň "Goja we deňzi" hajathanada ulanmak üçin goýlan köne kitaplaryň arasyndan jyklap dur. Garbap alyp, eýlesine-beýlesine seretdim, abatja eken. Goltuk jübime salyp, hiç kime görkezmän, alyp gaýtdym" diýdi. Pahyr, Hemiňweý agany gaty gowy görerdi, onuň beýleki kitaplaryny hem türkmençä terjime etmeli diýerdi. Ýerine görnen kärdeşimizem kitap okamagy gowy görerdi. Meniň goňşymyňky ýaly ýüzläp kitaby bolmasa-da, kitap tekjesi kitapdan doludy. Ýöne oňam yzynda kitap okajak çaga galmady, körpe gelni gurply ýeriň gyzydy, kitap okan çaga däldi... "Hökümetde işlemämizsoň, öýe gazetem gelenok, okan bolsaň, şu gazetleriňi maňa-da bersene?" diýip, ýaş goňşym birden dörän salamlaşmak isleginiň hakyky sebäbini syzdyrdy. "Al" diýdim. Ýogsa o gazetleriň nirede we nähili okaljagyny bilmän duramokdym..."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024