Agzybirlik aýyby

Adam aýtdy:

"Pereňistanda biri, ömür bile işlemedik, bile toýa-ýasa görünmedik bir adam, daşyňdan ýigrenip ýa at-abraýyňa, işiňe bahyllyk edip, sen hakda her hili ýalan-ýaşryk, ýaramaz gürrüň ýaýratsa, beýle aýyp görmeli hem däl. Ýöne adam seniň bilen Ýunanystanda bir şäherde ýaşap, bir dükanda işläp, toýa-ýasa bile görnüp, öýüňde duz-emek bolup, agzybirlik, raýdaşlyk we pikirdeşlik oýnuny oýnap, ýeňsäňden töhmet atsa, hapa gürrüň ýaýratsa we her duşanda gowusyrap, ýüzüňe ýylgyryp baksa aýyp. Bu aýyp seni diňe bir adamdan däl, adamlardan daşlaşdyrýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024