Üýtgemeýän gylyk
Adam aýtdy:
"Platon aýdanmyşyn, zalymyň ilkinji wezipesi raýatlary, öňbaşça mätäç bolar ýaly, elmydama haýsydyr bir uruş-gowgalara, jeňe çekmek bolarmyş; eger-de ol kimdir birlerine başga pikirlilikde we öz dolandyryşyny ret etmekde şübhe bildirse, beýle adamlary rakyplara satylmak bahanasy bilen ýoklarmyş. Şundan çen tutulsa, adamzat jemgyýeti näçe össe-de, adam kän üýtgemeýär. Ýöne ol biraz çekinýän, gorkýan wagtynda ätiýaçly bolýar. Emma emel ýeten, çenden aşa baýan, uzak wagt garaw görmedik adam kem-kemden batyrlanýar. Ol, täsiri artdygyça, öňki çekinjeňligini, gorkusyny unudýar we hakyky gylyklaryny, doýmaz-dolmaz açlygyny, kişini kemsitmek, kiçeltmek we basgylamak isleglerini has erkin ýüze çykarýar, başgalaryň ejizliginden we goragsyzlygyndan aç-açan lezzet alýar. Elbetde, bu-da däliligiň bir görnüşi. Ata-babalarymyz dälini taýak ýola getirer diýenlerinde, belki, şeýle dälileri nazarda tutandyrlar."