Gowy durmuş
Adam aýtdy:
"Bir zat diýseň, sen bir ýurt daşyndaky adam, görüp bilenok, bahyllyk edýär diýýärler. Nämesine bahyllyk etjek? Milletiň ýarysy ýurt daşynda çörek pulunyň ýa haram-halal diplomyň ugrunda heläk, içinde galanlar bolsa, tapanyny toý-tomaşa berýär. Öten agşam bir tanşym whatsapp-dan jaň edýär, aýaly ikisi düşege geçmezden öň salamlaşmak isläpdir. Toýdan geldik, palawdan, çişlikden doýup gelip, çaý içip oturyşymyz diýip, saçagyny görkezýär. Öňlerinde, gülli çäýnegiň gapdalynda ýarysy iýlen uly tort... Jaň edýän wagtlary bolsa, ýerli wagt bilen sagat 12.00. Özlerem, biri gan basyşynyň durnuksyzlygyndan, beýlekisi süýji keselinden ejir çekýär. Özleri düşünmeseler näme diýjek? Şeýdip iýip-içip bilseň, gowy durmuşda ýaşadygyňdyr öýdýärler."