Başganyň missiýasy
Adam aýtdy:
"Eger-de pikir-düşünjäňi açyk aýtjak bolsaň, ýönekeý adamlar senden çekeräk durarlar, wezipeli adamlar gyrgy gören serçe ýaly gaçarlar. Sebäbi sen olar üçin garasy ýokaşjak gazansyň. Dogry, garyndaş ýa tanyş, kärdeş-beýleki bolup, ilden utanjyna ýa sypaýyçylyk üçin salam-heligi kesmeýän, köçede ýa märekede duşanda gadyrly salamlaşýan adamlar hem bolar. Emma ýöriteläp ýanyňa gelen azalar. Ýöne täze tanyşlar, seni nirede bolsaň gözläp tapýanlar ýa öz orbitasyna çekjek bolup, her hili prowokasiýa gurnap, irmän-arman arrygyny gynaýanlar hem bolar. Ýogsa, olaryň käsi seniň bilen ne pikirdeş, ne meslekdeşdir. Beýle adamlardan ägä bolmalysyň, sebäbi olar başga birleriniň missiýasy bilen gelýändir."