Tapylmadyk düwme
Adam aýtdy:
"1990-njy ýyllaryň aýagynda sowetistandan gaçyp, ilki daşary ýurda gelemde, köçedäki telefonlaryň abatja işläp durandygyna, hatda telefon kitaplaryny hem hiç kimiň hajathanada ulanmak ýa çigit satanda guýguç etmek üçin ogurlamaýanyna geň galdym. Soň jaýlaryň liftlerinde çilim basylyp ýakylan düwmeleri gözledim. Emma ýigrimi ýyl bäri gözlesem-de, beýle düwmäni tapyp bilmedim."