Öňki we soňky gorky

Adam aýtdy:

"Ozal ýurdumda häkimiýet terroryndan gorkardym, töhmetden çekinerdim. Sebäbi olar soraga çagyranlarynda ýylgyryp, özüme ýa çagalaryma 'bir zat boljagyny' göni aýdardylar. Netijede ýurdumy terk etmeli boldum. Ondan bäri onlarça ýyl geçdi, häkimiýetler bir-birini iýip, bir-birine 'bir zat' edip, täzelendiler we indi maňa we men ýalylara kän elleri ýetmeýän ýaly. Sebäbi olaryň duşmanlary öz içlerinde, öz aralarynda. Üstesine, dogry sözümden başga, meniň kürsi ýa mal dawamyň ýokdugyna hem düşünjek bolýarmyşlar. Ýöne şonda-da ýurduma baryp, ene-atamyň... mazarlaryna zyýarat etmäge çekinýärin. Sebäbi garyndaşlarymyň käbiri meni, eşdişime görä, özleriniň ýa çagalarynyň düşewüntli orunlarda ornaşyp, pula çümmändigi üçin günäkär hasaplaýar, oturan-turan ýerinde pida bolup oýnaýar. Men indi barsam, käbiri bilen saçak başynda oturyp, hiç zat bolmadyk ýaly gülşüp gaýtmakdan, ýa-da bolmasa, uzak ýyllaryň aýralygyndan soň, az wagtlyk myhmançylykda ýalan pidalaryň käbiriniň ýüzine gelip, agzymy ajytmakdan gorkýaryn."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024