Göläniň oýnam bolsa...

Adam aýtdy:

"Iki sany öňki ýaranyň, ýurtda diktatorçylyk režimini guran, hökümete garşy demonstrasiýa gurnan adamlary neşekeş, bozgak atlandyran we türmede mynjyradan syýasatçylaryň soňra nämedir bir zat üstünde oňuşmazlygy we bir-birine ganym duşmanlara öwrülmegi, netijede olaryň biriniň beýlekiniň garşysyna demokratiýanyň adyndan göreşe başlamagy, özüni adam hukuklaryny goraýjy hökmünde häsiýetlendirmegi onuň demokratiýa ugrunda göreşijidigini we halk halasgäri boljak bolandygyny asla aňlatmaýar. Ýöne islän muňa ynanyp biler. Şonuň ýaly, islän düýnki gün KGB-niň agenti bolup, kärdeşlerini satan adamyň hem adam hukuklary ugrunda göreşýändigine ynanyp biler. Bu ýerde mesele ol ýa-da beýleki adama ynanmakda ýa ynanmazlykda däl, syýasy oýunlarda. Erkek adamlar hiç wagt ulalmaýarlar, olar durmuş oýundyr öýdýärler we ömürlerini oýnap geçirýärler. Ýöne göläniň oýnam bolsa, öküziňki çyn diýleni. Durmuş gabyrdadyp aşagyna basansoň, ol ýerden çykmak kyn bolýar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024