"Elita bolanyň" sapagy
Adam aýtdy:
"Alla sygnyp, giňlik taparyn öýdýärdim, bir belanyň üstünden eltmesin diýip, içgimi goýupdym, goňşulara goşulyp, metjide gatnaýardym. Emma gep-gybatdan, ýakymsyz gürrüňlerden gutulyp bilmedim. Özem bu gürrüňleri indi bäş namazyny sypdyrmaýan adamlardan eşidýärdim. Elbetde, ol gürrüňleriň baş gahrymanlary täze dörän baýlar, olaryň azan çagalarydy. Birleri Hazaryň kenaryna barýan uçaryň üstünde wejera bolsa, beýleki biri gelni bilen restorana gelen ýigide ýanyňdakyny maňa goýup git diýip azar beripdir, o ýigit namysyny gorajak bolup, türmä basylypdyr diýýärdiler. Gazetde, radio-telewideniýede habar berilmänsoň, beýle zat ýokdur, bolup bilmez diýip, garaz, özümi köşeşdirip ýördüm. Emma bir gün öz oglum agzyny-burnuny gan-gabarçak edip geldi. Näme boldy diýsem, "elita bolan" dostuň urdy diýýär. Görüp otursam, ol student ýegenlerimi ýanyna alyp, olaryň iş hakyny däl, jaýyny reňklänlerinde ulanan reňkleriniň puluny soramak üçin meniň soňky döwürde "elita bolan" dostumyň öýüne barypdyr. Ol dostum öňler, garybyň garybyka ýüpek ýaly oglandy. Emma soň daşardan ulanylan maşyn getirip satdy, beýleki etdi, şäheriň alkymyndaky obalaryň birinde uly jaý saldyrdy, Mekge-Medinä haj zyýaratyny edip geldi-de, "menem indi elita boldum" diýip, gülkünç zat ýok ýerinde hem ha-ha-haýlap, gaty-gaty gülmäge başlady. Emma onda-da göwnüme beýle zat gelmeýärdi. Student ýegenlerim okuwdan soň bäş şaýy gazanmak üçin tapan işini edip ýörensoň, kömek bolsun diýip, olary jaýymy reňkletmäge ussa gözleýän diýen dostumyň öýüne özüm eltipdim. Soň olar birki gezek eden işleriniň puluny alyp bilmeýändiklerini, "elita bolanyň" guýruk tutdurmaýandygyny, haçan barsaň, işikde maşyny duran hem bolsa, "ýok" diýdirýändigini, eden işleriniň hakyndan geçendiklerini, indi onuň otaglaryny reňklemäge harçlan reňkleriniň puluny alyp bilseler hem oňjakdyklaryny ýaňzytdylar. Ogluma ýegenleri ýanyňa al-da, agşamlyk öýlerine bar, sypaýyçylyk bilen gürleş, ýöne gaty dawalaşma, "berjek däl" diýse, "bolýar, sag otur" diýip gaýdyber, soňky döwürde arkasy güýçlenen ýaly görünýär diýdim. Barsa, aýalynyň erkek dogany bilen nahar iýip otyrmyş. Ogluma saçak başyndan oturmagy, nahar iýmegi teklip edipdir. Emma ol nahar iýip oturjak däl, student ýegenlerim eden işleriniň hakyndan geçýär, ýöne ulanan reňkleriniň bahasyny berseň hem oňjak diýipdir. Bu söz oňa hapa söz aýdylandan hem ýokuş degen bolarly, gazap bilen ýerinden böküp turup, ogluma topulypdyr. Oglum yzynda duran ýegenlere gaçyň, maşyna münüň, size zyýan ýetmesin, okuwyňyz bardyr diýip, özi biraz goranyp, soň iki sany içgili adamyň elinden zordan gutulypdyr. Gürleşjek bolup jaň etsem, içgilimi, çekenmi, maňa-da agzyna gelenini sögýär. Gatnaşyp ýörensoň, aýalym aýalyna jaň edip, düşünişjek boldy. "Nahar iýip otyrkalar gelmeli däl-dä" diýýärmiş. Aýalym şu gürrüň aýtdy-da, birden ýadyna düşen ýaly, ylgap gidip, golaýdaky dükandan arak alyp geldi. "Iç, ýüzüň ak tam, el-aýagyň titreýär, biraz düşüşersiň" diýdi. Içdim. Dogrudanam, biraz düşüşdim. Nähak goýupdyryn, alladan däl, arakdan bar eken arka diýdim. Şol wagtam oglumyň dostlary üýşüp gelip, biz "elita bolanyň" şarpyklaryny yzyna gaýtarjak diýdiler. Gitmäň, studentleri okuwdan çykararlar, ozalam ejeleri zordan saldy diýdim. Emma elita bolanyň şarpygy içimde dur, çydaryn öýdýärdim, çydamak kyn boljak eken. Hernä arak dadyma ýetäýdi."