Haýyn ýa aýy
Adam aýtdy:
"Habarlary sypdyrman yzarlaýan, arada gazak aktiwistleri öz paýtagtlaryndaky ÝB edarasynyň öňünde toplanyp, Gazagystan bilen baglaşylýan ylalaşyklaryň "gazak halky üçin gulçulyk" bolmazlygyny talap edipdirler. Mundan başga, bu ýurtda, beýlekilerden tapawutlylykda, Hytaýdaky gazaklaryň we uýgurlaryň haklaryny gorajak bolýanlar hem bar. Bular nädip beýle bolup bilýär, ýa sowet döwründe orsçany bize görä has gowy öwrenip, öz dillerini has kän ýitirmekleri peýda edýärmikä diýip, daşary ýurtlardaky gazak oppozisiýa saýtlaryna girip gördüm. Tapawut beýle uly däl eken, hökümetde işläp, 90-njy ýyllaryň başynda ýurtdaky esasy oligarhlaryň birine öwrülen we gazanan pullaryny daşaryk çykarmagy başaran oppozisiýa lideri beýleki oppozisiýa agzalaryny at tutup, haýynlykda aýyplaýar. Beýlekiler bolsa ony bölüjilikde, häkimiýete barmanka ony bölüşip bilmezlikde, ýekemenlikde aýyplaýar. Elbetde, haýynlyk her tarapda we her kimde bolup biler. Öz-özüne ikilik edýän adam näme üçin beýlekilere haýynlyk etmän saklansyn? Delil bolsa, bu barada açyk we hemişe gürrüň etmeli. Ýöne haýynlyk aýyplamalary köplenç bähbitler çaknyşanda, tutulmadyk aýyň derisini paýlaşyp bilmezlik bilen bagly ýüze çykýar. Dargursak, tejribesiz syýasatçylar suw görmän tamman çykarýarlar, aýyny görmän, nirede gyşlaýanyny bilmän, tutman, onuň derisini beýleki awçylardan, özi ýaly awa çykanlardan gabanyp başlaýarlar. Bu, elbetde, tutulmadyk aýynyň peýdasyna bolýar. Bir pikirdeşimiň ýanynda bu mesele barada gürrüň etjek bolsam, "Aýam gursun, bizem guraly, bu gidişine hemmämiz haýyn ýa aýy bolmasak ýagşy" diýdi."