Halk bilen hanyň arasy
Adam aýtdy:
"Halk halar, il içinde meşhur boljak bolsaňyz, adamlara okamaly, durmuşdan habarly boljak bolmaly, düşünjek bolmaly, çagalaryňyza gowy bilim bermeli, para berip okuwa salyp, tutuş nesli ters ýola salmaly däl, wagtdan dogry peýdalanmagy öwrenmeli, alla-hudaý diýip, boş umytlara, keýpe ýa ýaltalyga berlip, özüňe bigäne bolup ýaşamaly we ölmeli däl diýip, men-menliklerine degjek söz aýtmaň. Olaryň şu kemçiliklerinden peýdalanýan hany tankytlaň, oňa ýitije ýa agyrtjak sözleri aýdyň. Şonda halk sizi gahryman hasaplar, adyňyzy dilden düşürmän öwer, ýogsa durmuşynda hiç bir zat üýtgän hem däldir, üýtgemezem. Eger ýagdaýy düýpli öwrenip, düýpli özgertjek bolsaňyz, düýpli pikirleri aýtsaňyz, sizi handan öň halk ýigrener. Netijede, halk bilen hanyň aralygynda, aýak astynda galarsyňyz."