Beýan edilmeýän üstünlikler
Adam aýtdy:
"Ýaşuly žurnalistlere gazanylan üstünlikleri ýeterlik beýan edip bileňizok diýip, gaty-gaty igenýär welin, şonuň aýdýanlarynyň jany ýok däl. Soňky onýyllyklarda sowatsyzlygy ösdürmekde, adamlary işsiz goýup, jenaýata iteklemekde, ogurlygy, parahorlugy has giň ýaýbaňlandyrmakda we çuňlaşdyrmakda, adamlary türmeden geçirmekde, gümrük talaňçylygyny iň ýokary derejelere ýetirmekde we beýlekilerde uly üstünlikler gazanyldy. Adamlar indi otuz ýyl bäri ýylyň-ýylyna gazanylýan uly üstünliklerden ýadap, üstünlikleriň azrak gazanylýan ýurtlaryna gaçmaga çalyşýarlar."