Pidakär pikirdeşler

Adam aýtdy:

"Meniň beýik pikirdeşlerim bar. Olar meniň şu günki derejäme ýetmegimde hemişe uly rol oýnadylar, häzir hem şeýle. Soňky ýyllarda olar polisiýada işlän, tussag edilen adamlary urup-ýenjişini, aýalyny hukuk fakultetine okuw salyp, özüniňki ýaly para alynýan wezipeli edişini gürrüň berip öwünýän, neşe satyp türmä düşen, para berip azatlyga çykan, goňşularyndan pul karz alyp daşary ýurda gaçan we bir pikirdeşleri bilen birleşip, meniň kemçiliklerimi, ýalňyşlarymy gözläp tapyp, meni düzetmek we hiç kemçiliksiz, has kämil adam etmek üçin uly tagalla edýärler. Olar maňa kömek etjek bolup, öz ähli zerurlyklaryny: gazet-žurnal ýa kitap, hatda namaz okamaklaryny, arak-şeraplaryny, arzan aýal tapsalar höwes bilen edýän zynahorluklaryny bir gyra goýup, maňa kömek etmegi ýüreklerine düwdüler. Heý, şeýle pidakär pikirdeşleriň bolup, olara buýsanman bolarmy?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024