Goşa gelen betbagtçylyk

Adam aýtdy:

"Milletiň başyndan betbagtlyk inende, bela-beter ýeke gelmezmiş diýerdiler. Soňky ýyllarda başymyzdan inen köwek diktatorlaryň üstesine, ol içalymyş, bu şugulçymyş... diýen howsala beriji gep-gürrüňler hem ullakan bela-betere öwrüldi. Kimi görseň, beýleki birinden ägä bolmagy tabşyrýar. Näme diýseň, ýa içaly, ýa şugul, ýa agent diýýärler. Näme deliliň bar diýseň, ol aýtdy, bul aýtdy ýa diňe çaklama esasynda toslanan gep gybat ýa ýarym çyna, ýarym ýalana meňzeş bir zatlar. Ynanjagyňy-da bilmeýärsiň, ynanmajagyňy-da. Ýöne özüň hakynda edilýän gürrüňleri ýa arkaňdan edilýän gybatlary eşideňsoň, biraz oýlanýarsyň. Netijede, soňky ýyllarda diňe toýa-ýasa, zerur ýerime görünsem görünýärin, emma köplenç öýdeçi boldum. Namazymmy hem öýde, keçäň üstünde, ýekeje özüm okasam, göwnüme jaý bolýar. Ýanyma gelýän birki adam galdy, birinjisi duldegşir goňşym, beýlekisi köne kärdeşim. Kän artykmaç gürlemejek bolup, ikisi bilenem küşt oýnaýaryn. Ýöne dil öl ýere biten, barybir bolanok, käte etmesiz gürrüňleri hem edýäris. Men agzyma berkräk bolsam-da, olaryň ikisem zeýrenýär: Bäh, bu adamlary, göreniň bir-birini içaly ýa şugulçy etjek, gep-gürrüňden ýadanoklar diýýärler. Ýöne olar gelip gidensoň, bile gelsinler ýa aýry-aýrylykda, aýalym eline pyçak alyp, ikisiniň hem aýak yzyny gapa barýança kesýär, päl-niýetiň özüňe bolawersin diýip doga-dileg edýär. Näme üçin beýdýärsiň diýsem, goňşy aýalyň hem her gelip-gideniň yzyndan şeýle edýänini aýdýar. Ilki bu dowly il içine daýylar bilkastdan salýan bolmasyn diýip pikir etdim. Emma Türkiýede okaýan student agtygym kanikula geldi-de, daşary ýurtlarda okaýan ýoldaşlarynyň, migrant işçileriň, hatda dissident diýilýänleriň arasynda-da şeýle ýagdaýyň höküm sürýändigini gürrüň berdi. Diýmek, bu daýylaryň işi bolmaly däl, olarda beýle giň gerimde işlemek üçin serişde bolmaly däl diýip pikir etdim. Soň, ýas ýerinde şol dissident diýilýänleriň biriniň inisi duşdy. Ol öňräk Stambula gidip, Günbatarda ýaşaýan agasy bilen görşüpdir diýip eşidipdim. Oňa şeýle-şeýle gürrüň eşitdim welin, jany barmyka diýdim. Ol ajy ýylgyryp, başyny atdy. Ýasdan gaýdyşyn esli ýere çenli bile ýöredim. Agasy aýdypdyr, diňe aňyrda däl, bärde hem adamlar birleşmekden geçen, öz aýaklaryna palta salmakdan lezzet alýana meňzeýär, her kim beýlekide içaly ýa şugulçy, ýa-da basdaş, hatda ganym duşman görýär, hökümet indi hiç agzalalyk etjek bolman, arkaýyn ogurlygy bilen bolubermeli boldy diýipdir."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024