Yrymçy ene-atalar we žurnalistler üçin täze synag

Adam aýtdy:

“Atasyna Hangeldi diýip, hantamalyk edip, uly umyt bilen at dakypdyrlar. Emma Hangeldi han diýip, ady çykan han meniň-ä ýadyma düşenok. Ýöne pahyrlar erjel eken, onuň agtygyna Şageldi diýip, has uly at dakypdyrlar. Ýykylanymyza görä, ulurakdan ýykylaly diýendirler-dä. Belki, bu gezek umytlary çykar, myratlaryna ýeterler, sebäbi Şageldi eýýäm ýurduň uly gaz edarasynyň başlygynyň orunbasary boldy. Diýmek, hemme zat ugruna bolsa, şa bolmaga az galdy. Ýöne ol birden şa bolsa, adyny näme diýip tutmaly bolarka? Şageldi şa diýmeli bolarmyka ýa hormatly Şageldi şa diýerlermikä? Žurnalistler üçin kelle döwere zat tapylýar, garaz.”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024