Esasy dert
Adam aýtdy:
"Başaran çykyp gidýär, rysgalyny başga ýurtlardan gözleýär ýa bolmanda çagasyny çykarmagyň aladasyny edýär diýýärler. Toýda-ýasda ýa köçede duşaňda, tanaýan adamlaryň köpüsiniň hassadygyny, ýa fizik, ýa ruhy kesellerden ejir çekýändigini, başaranyň daşary ýurtlardaky lukmanlardan bejergi aljak bolýandygyny eşidýärsiň. Öz derdini nädip bejertjegini bilmeýän, dermanhanadan derman almaga gurbaty çatmaýan we oturan-turan ýerinde zeýrenip ýören adam hem az däl. Ýöne iň esasy dert, adamlaryň köpüsi, hassalar hem, uzaga gitmän dert tapynjak sagatlar hem özlerine näme bolýandygy hakynda kän pikir etjek bolmaýar, alternatiw maglumatlar bilen tanyşjak bolmaýar, olar barada aýtjak bolsaň diňlemeýär. Sebäbi, synlap ýörün welin, adamlar özlerine, tutuş halka näme bolýanyny, bu gidişine geljekde näme boljagyny bilenlerinden bilmänlerini gowy görýäne, şonda rahat ýa ynjalykly bolýana, bolmanda özlerini günäkär duýmaýana meňzeýär."