Ulularyň akyly
Adam aýtdy:
"Dört ýaşynda ogul agtyjagym bar, birki ýaşly bäbekkä ejesi-kakasy bilen bize, atasynyň howlusyna gelse, ýadyrgap, çyr-çyr aglap goýmazdy. Onsoň oglum bilen gelnim kän oturman öz öýlerine gaýtmaly bolardy. Indi onuň gyz jigisi şeýle. Ogul agtygym sähel ara salym düşse, atamlara gideliň-le diýip, ejesi ýa kakasy bilen gelýär. Emma hemmesi bile gelseler, gyz agtygym ýadyrgap, derrew aglap başlaýar. Düýnem şeýle boldy. Onsoň oglumyň gahary gelip, ýörüň, hemmämiz gaýdalyň, men öňem ýadaw diýdi. Ogul agtygym muňa ör-gökden geldi, men ýaňyja geldim ahyryn, men näme üçin gaýtmaly, öňem atamlara bir hepde gelmedim diýip, gözjagazlaryny tegeläp, eljagazlaryny galgadyp, bu adalatsyzlyga garşylyk bildirdi. Emma ony jigiň aglaýar, göreňokmy, gijäniň içinde soň seni äkitjek adam ýok, öň senem şeýlediň-beýleki diýip, aglasa-da goýman, özleri bilen alyp gitdiler. Çaga öýlerine baransoňlar, jigim aglady, men agladym, ejem aglady, kakamam tas aglapdy, hemme kişi bize seredip güldi, masgara bolduk diýipdir. Diýjek bolýanym, dört ýaly çagada hem logika bar, emma wezipe ýeten uly adamlara birden näme bolýar, bilmedim, ne logika galýar, ne mantyk. Derrew azyp, onsuny ýakasyndan çykaryp başlaýany haýsy, doýmaz-dolmaz açyp, dogan-garyndaşy, dost-ýary bilen, açlykdan çykan ýaly, bar işini ogurlyk edinýäni haýsy? Hatda özlerinden öňkülere näme bolanyny hem ýatlaryna salanoklar. Ýa ulynyň akyly çaganyňkyça hem bolmaýarmyka?"