Ýykyljak araba
Adam aýtdy:
“Şu günki ýaly ýadymda: bir gün goňşymyz, Bäşi kaka dört-bäş ýaşlaryndaky oguljygy bilen gelip, byçgymyzy diledi. Ejem kakamyň gurallaryny saklaýan ýerinden byçgyny alyp berdi-de, soň getirgin, özüm idäp ýörmeli bolmaýyn diýip tabşyrdy. Biz birki köçede doganoglan, dolanan ýa köne obadaş bolup ýaşaýardyk, öňki obamyzyň üstünden şäher gurluşyklary düşensoň, bir ýerden ýer beripdiler. O wagtlar goňşularyň köpüsinde çekiç, atagzy, byçgy diýen ýaly zatlar bolmazdy we olar bu zatlary köplenç bizden sorap alardylar we işlerini bitirenlerinden soň getirip giderdiler. Bäşi kakam byçgy alyp gidende, onuň oguljygy üç aýakly tigirjigini sürüp gelipdi. Ol soň, üç-dört sagatdan byçgyny yzyna getirende hem, oguljygy bilen bile geldi. Ýöne byçgynyň tutawajy bilen birigýän ýerinde bir nurbatjygyň ýerine agaç bölejigi dykylgydy. Ejem muny görüp, hany, munuň nurbatyna näme boldy diýip sorady. Bäşi kakam egnini ýygryp, bilmedim, gelneje, menem alyp gidemden soň gördüm, gaçandyr-da, halkyldap durmasyn diýip, agaç bölejigini dykdym onsoň diýdi. Ejem Bäşi kakamyň oguljygynyň tigrine çiňerilip seretdi-de, hana, ogluň tigrine dakypsyň ol nurbaty, al-da yzyna dak, byçgy dilemäge geleňde, ogluň tigrindäki nurbatyň ýeri boşdy, meňki bitsin, seňki ýitsin diýerler muňa diýdi. Bäşi kakam sesini çykarman, oglunyň tigrindäki nurbaty aýryp, byçgymyza dakdy. Indi otuz ýyldyr, döwletiň ýa döwlet başyndakylaryň edýän işlerini, ýagny, halk bilen meňki bitsin, seňki ýitsin oýnuny oýnaşlaryny görüp, ejem pahyryň şonda Bäşi kaka byçgymyzyň nurbatyny yzyna dakdyryşy ýadyma düşýär. Emma bu döwletiň öňünde ejem pahyr ýaly dik durup, sözüni göni aýdyp bilýän adamlar ýok. Olar diňe byçgylarynyň nurbatynyň alynmagyna däl, öz ömürleriniň, öz ogul-gyzlarynyň ömürleriniň alnyp, döwlet byçgysynyň gaçan ýa ogurlanan nurbatlarynyň ýerine dykylmagyna hem kaýyl. Käşgä şonda bir döwlet işlese, ýok, ol ýykyljak araba ýaly, otuz ýyl öňünden jygyldap başlady."