Öňdengörüjilikli açyş

Adam aýtdy:

"Men bir pespäl adam, hiç wagt beýle öseris, beýle öňe gideris diýip pikir etmändim. Adamlaryň eli uzadan ýerine ýetýär. Üstesine, olar her hili baýramçylyklar, prezidentiň kitaplary, gazet-žurnallar, ýolbaşçylara sowgat, bag ekmek, bejeriş işlerini geçirmek, şugundyr, galla, pagta hasyllary üçin hem hemişe pul berýärler. Bularyň üstesine, olar baýramçylyklara gatnaşmaga, çärelerde janly we bagtly, şöhrat şygarlaryna gygyrýan diwar bolmaga, pagta ýygmaga gitmäge hem wagt tapýarlar. Ýöne adamlar bagtdan hem ýadap bilýär. Şunuň ýaly ýagdaýda, adamlaryň wagtyny almazlyk üçin, häkimiýetleriň wagt ýitirmezligi üçin hem öňünden oýlanylyp, çäre görlüp goýlupdyr. Sebäbi adam döwletiň özi üçin edýän atalyk aladalaryndan ýadap, biraz dynç almak islese, ony işden çykarmaly bolýar. Biz bu meseläni hem dünýäde ilkinjileriň biri bolup çözmegi başardyk; işgär işe girende oňa 'eger-de men ýurdumyzyň we onuň ýolbaşçylarynyň gazanan beýik üstünlikleriniň hormatyna geçirilýän köpçülik çärelerine gatnaşmasam, ýa-da gije-gündiz halkyň abadançylygy ugrunda janyny aýaman işleýän ýolbaşçylara sylag-hormat etmesem, dynç alyş günlerimde daşary ýurtlardaky garyndaşlaryma gezmäge gitsem... wezipämden çekilmäge we hiç bir nägilelik bildirmezlige öňünden razylygymy bildirýärin' diýip, arza ýazdyryp goýýarys. Beýle açyş entek iň ösen, adam hakynda iň kän alada edýän ýurtlaryň hem ýolbaşçylarynyň kellesine gelen däldir."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024