Ezijiler we ezilýänler
Adam aýtdy:
"Ezilen adamlar, uzak wagt aç saklanan halk üçin, içinde özüň we maşgalaň üçin göreşseň, şol ezilen we aç milletiň içinden keýpine üstüňe meýdan etjek bolýanlar tapylsa, gynanma, bu ezilen adamlar üçin göreşýänleriň ykbalydyr. Ezilenler köplenç ezijilerine mynasypdyr. Ilkiler her halk öz hökümdaryna mynasyp diýseler, gaty görerdim. Daşyma çykarmasam hem, bu beýle däldir diýip, içimden gaýtargy bererdim. Emma ilki elitanyň arasynda bolup, arasynda türmä düşüp, soň daşary ýurda çykyp gördüm, tanadym, ezilen adamlar köplenç häkimiýet başynda-da, türmede-de, sürgünde-de şol ezilen adamlygynda, açlygynda galýar. Olar sähel ýagdaýlary gowulaşsa, beýleki birini kemsitjek bolar. Megerem şu sebäpden, ezijiler uzak ezýär, ezilýänler uzak ezilýär."