Merdiwan meselesi

Adam aýtdy:

"Çagalykdan karikaturalary gowy görerdim. Kakam pahyr Aşgabatda çap edilýän "Tokmak", Orsýetde çykýan "Krokodil" žurnallaryny okardy. Indi o žurnallardan habarym ýok. Ýöne indi internet bar, internete bagly el telefony bar, wagt tapsaň, gözleseň, diňe karikatura däl, gör, nämeler tapylmaýar? Garraýan bolara çemelim, indi gysgadan-gysga, az sözde aýdylan pikirleri gözleýärin. Wagtam az, sebäbi internetde görüp bilene, alyp bilene, gowy zat kän. Gepiň keltesi, öňräk iki sany karikaturanyň üstünden geldim: birinde ak köýnekli, goňras penjek-balakly, gara köwüşli, syrdam bir erkegiň gowy ýasalan merdiwan harmanynyň, dik däl-de, ýatyrylyp, keseleýin üýşürilip goýlan onlarça merdiwanyň üstüne çykyp, haýatdan aňryk seretjek ýa aşjak bolýan pursaty şekillendirilipdir. Suratyň aşagynda "Nädip ulanmalydygyny bilmeseň, seniň näçe serişdäň bolanynyň peýdasy ýok" diýlip ýazylypdyr. Ikinji karikatura iki suratdan ybaratdy. Olaryň ikisinde hem inedördül, diwarlary tep-tekiz çuňlugyň ýa çukuryň içinde durup, biri-birine el uzadýan iki adam şekillendirilipdir. Elbetde, aşakdaky gaçan ýa galan çukuryndan çykmak üçin kömek soraýar, ýokardaky oňa kömek berjek bolýar. Emma ýokardan el uzadýan bilen aşakdan el uzadýanyň elleriniň arasy gaty açyk, bir-birine ýeter ýaly däl. Ikinji suratda hem ýene şol iki adam bir-birine el uzadýar. Ýöne birinji suratdan bir tapawut, inedördül çukuryň beýleki çüňkünde uzyn merdiwan söýelgi dur. Suratlaryň birinjisiniň aşagynda kömek edesi gelmeýäniň kömek etjek bolşy, ikinjisiniň aşagynda kömek alasy gelmeýän kömek aljak bolşy diýen manydaky ýazgylar ýazylypdyr. Bu karikaturalar maňa kakam pahyryň bir gezek gülüp ýadan sözlerini ýatlatdy, o birleri agaç tapsa, merdiwan ýasaýar, beýlekileri merdiwan tapsa, odun edinýär diýipdi."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024