Kolhoznik meselesi
Adam aýtdy:
"Bir kärdeşim gyzlarynyň öýde özüne kolhoznik diýýänini aýdyp öwündi. Sebäbi olar şäherde doglup, şäherde, rus mekdebinde bilim alypdyr, rusça aksentsiz gürleýär, Çehowy originalda, terjimesiz okaýar, Artykgül Tekinskaýa ýaly, hakyky aristokratkalar... Beýleki bir kärdeşimiň muňa gahary geldi: Olar seniň boýnuňa münüp ulaldy, ýykylan imperiýanyň harabalarynyň aşagynda galman, bitleriniň burnuny ganatman Ýewropa çykardyň. Eklediň, ese-boýa galdyrdyň. Şondan soňam saňa kolhoznik diýýärlermi? Kolhoznik kärdeşim ajy ýylgyrdy: Sebäbi arkalarynda ejeleri bar, hakyky teke aristokratkasy, olam orsçany gowy bilýär, men öýde iň gowşagy... Beýleki kärdeşimiň bu söze hasam gahary geldi: Sen olara aýt, siziň özüňiz kolhoznik diý; şäherde doglup, orsça gowy bileniň bilen aristokratka bolup bolanok. Olar öz ene dilini bilenok, öz halkynyň däp-dessurlaryny bilenok, magtymgulyny originalda okap, düşünip bilenok, eger türkmen klassykasyny okap, düşünip bilseler, kişini kemsideniň özüniň näkesdigini bilerdiler. Sen olar üçin kişi, keseki hem däl, öz kakalary ahyryn? Onsoňam, otuz ýyl bolup barýar, daşary ýurtda her iki ädimden görýänsiň, aeroportlarda henizem zat görmedik ýaly bolup arzan eşik satyn alýan, geýip görülýän ýerde ala gykylyk bolup ýören sowet adamy köpelmese, azalmaýar. Saý-sebäp bilen gürleşseň, daşary ýurdy bangladeşliden, wýetnamlydan ýa arapdan, afrikalydan gabanýanyny görersiň, olar hiç, biri-birinden gabanýar olar başgalaryň guran kanuny döwletlerini. Bu-da hiç diýseň, ýerli millet millioner bolsun, milliarder bolsun, gezip ýörendir sesini çykarman, biziňkiler bir aýakgap alynsa-da öwünjek, görkezjek, ýa-da ors mediasyna seret. Gyzyl goşunda gulluk eden bolsaň bilýänsiň, hohol diýip, ukrainalylary nähili kiçeltjek bolardylar. Ukraina indi bäş-alty gezek saýlawa meňzeş saýlaw geçirdi, Orsýet şol Putin bilen otyr, emma şäherlerde gowy bilim alan rus žurnalistleri goňşy ýurdy kemsitjek, kiçeltjek bolup, nähili kolhoznik bolup galandygyny günde görkezip otyr. Hakykatda kolhoznik görjek bolsaň, rusça gowy gürleýänleriň arasyna bar, olar nirä barsa-da şol açlygy, bar gürrüňleri zat, zat, zat... Özüne öýünde gyzlarynyň kolhoznik diýýänini aýdyp öwnen kärdeşim bu gürrüňi halaman, turup gitdi."