Kimleriň ajap eýýamy?
Adam aýtdy:
"Ilkiler Magtymgulynyň adyna berilýän goşgy setirlerini ulanyp, Pyragynyň garaşan ajap eýýamy geldi diýenlerinde, öz ýanymdan gaty görerdim, gynanardym, hatda birki günläp öýkeläp, günäleri ýogam bolsa, çagalarym bilen gürleşmedik wagtlarym hem boldy. Emma indi seredip otursam, dogrudanam ajap eýýam gelen eken. Bermeli ýerinde bermäge zadyň bolsa, hiç talant ýa zähmet gerek däl, ýazyjy-şahyram, halk ýazyjysy ýa artisti hem, at gazanan mugallym hem, alymam, molla-işan-da, iki-üç gezek hajy-da, metjitde ymam, hatda baş müfti-de bolup bolýar. Ozallar puluň bolany bilenem beýle kän zady aňsatja edinip bolmaýardy. Ýogsa öňem tanyş-biliş, para-peşgeş arkasyndan okaman diplom, goraman alymlyk derejesini alýanlar az däldi. Wezipe-de satylardy, at-dereje-de. Emma, erkek ýaly boýun almaly, edil häzirki ýaly bolçulyk hiç wagt bolmandy. Dogrudanam ajap eýýäm gelipdir, ýöne kimler üçin diýseň, bu başga mesele."