Başlyklar we işgärler
Adam aýtdy:
"Ýetmiş ýaşaýançam işledim. Elbetde, aňsat düşmedi. Işleýän adam nämeleri görmeýär, nähili ýagdaýlary başdan geçirmeýär? Sowet döwründe bir anekdot ýörgünlidi. Bir edarada başlyk täzelenipdir. Täze başlyk işe başlan güni ýygnak edip, özüniň bir sözüni iki gaýtalamagy halamaýandygyny, her kimiň buýrulan işi iki aýtdyrman etmelidigini we öz ornuny bilmelidigini aýdypdyr. Sekretar gelin tarsa ýerinden turup, ylgap barypdyr-da, başlygyň dyzynda oturyp, köýneginiň ýokarky ilklerini ýazdyryp, göwsüni açmaga başlapdyr... Bu anekdot hem bolsa, bolup biljek we käbir edaralarda bolýan zatlardan habar berýärdi. Her hili adamlar, her hili başlyk bilen işleşmeli boldum. Başlyk diýilýän, kim bolsa bolsun, köplenç düşen ýerine görä üýtgeýär. Duza gaçan duz bolar diýleni. Eger başlygyň gelen ýerinde ýaranjaň, ikiýüzli adam kän bolsa, ol hemme işgäriň şeýle bolanyny isleýär. Ýöne men başlyklardan beter işgärleri gowy tanadym. Sebäbi başlyklar gaty gitse, işgärleriň içinde az-da bolsa, işini gowy bilýän we mertebesini saklap, aşak egilmegiň deregine, ony ýerinde oturtjak bolýan biri ýa ikisi tapylýar. Sebäbi aşak egilmegiň soňňy ýok. Bu gelşikliräk aýal bolsaň, başlygyň oýnaşyna öwrülmek, bimessep erkek bolsaň, başlyk üçin gep ýygnamak, başlyga oňaýsyz işgärleriň ýüzüne durmak, olary garalamak ýaly goşmaça wezipeleri hem üstüňe almak töwekgelligi bilen ýüzbe-ýüz goýýar. Dogry, diktator başlyk bilen dikleşik hemişe göreşiji işgärleriň ýeňşi bilen gutarmaýar. Ýöne göreşijiler ýeňse, onuň ýerine ýene bir gedem gelse, öňki ýaranjaňlar ýene ýaranjaň bolýarlar, öňki göreşijiler ýene göreşi dowam etdirýärler. Emma bir tap bilýän adam başlyk bellense, göreşijiler, öňküleri ýaly, ýene işlerine gümra bolup, ýükçi bolup galýarlar, ýaranjaňlar bolsa, başlygyň gowulygyndan peýdalanyp, arkalaryna şemal çaldyryp, başarsalar işden gaçýarlar. Ýöne bu-da hiç. Iň erbedi, erbet başlyk döwründe demini başga ýerinden alan ýaranjaňlaryň barha kän böwregi bökýär, olar ýeri gelse-gelmese, edaradaky ýükçüleriň üstünden güljek, olary kiçeltjek bolýarlar."