Tamaň uly bolmasa
Adam aýtdy
"Gynanardym. Çet obada, gowaça gulçulygyna çagalygymy ogurladyp, bisowat galdym. Uniwersitetde partiýa taryhyny öwrenip, çeken jebirlerime, soň gazetde partiýanyň talabyna görä makala ýazjak bolup gören görgülerime, ahyrynda köşge baryp, iň ýokarda oturan diýilýänler bilen işleşjek bolanyma, kän wagtymy we güýjümi ýitirenime gynanardym. Türmä düşenime, ýurtdan gaçmaly bolanyma, oppozisiýanyň düýp-diregi diýilýänler bilen düşünişjek bolanyma hem gaty gynanardym. Enem-atama, doganlaryma peýdam däl, zyýanym ýetdi, olary döwlet terrorynyň agzyna berdim, halkyma kömek edip bilmedim diýerdim. Emma indi seredip otursam, bularyň birini görmedik bolsam, tutuş kartinany, şonuň bilen birlikde barrikadanyň iki tarapyndaky adamlaryň bir-birine nähili meňzeşdigini, olaryň özümden nähili daşdygyny görüp biljek däl ekenim. Indi, şükür, soňky doglanlary däl, ilimiň ýene ýigrimi, otuz ýyldan doguljaklaryny hem tanaýaryn, tamamam uly däl. Tamaň uly bolmasa, az zada garaşýarsyň, az gynanýarsyň. Emma olar meniň özlerini tanaýanymy bilmeýärler, aýdýan zatlaryma-da kän üns bermeýärler, üstesine şindem meniň bilen öňki oýunlaryny oýnajak bolýarlar. Ýöne men muňa öňkim ýaly gynanmaýaryn."