Diýmäge söz tapmasaň
Adam aýtdy:
"Türmeden çykan günümiň ertesi, ýanyma bir ýaşulyny alyp, öýme-öý aýlanyp, obada gaýdan adamlaryň ýerine göründim. Ýogalan bendeleriň biriniň ogly hem birki aýlykda günä geçişe düşüp, türmeden boşapdyr. Ol bizi ugradyp barşyna, gürrüň arasynda, soralmasa-da özüni aklap, eden jenaýatyny çagalary üçin edendigini aýtdy we soňundan senem eden işiňi çagalaryň üçin etdiň diýdi. Birhili, ýüzüme urlan ýaly boldum. Ol biraz öň neşe maddasy bilen tutulanyny, para berip, günä geçişe düşenini aýdypdy. Emma dilime söz gelmedi. Öýe gelemsoň, kän pikir etdim. Sebäbi öz çagamyň ýaşyndaky ýaş ýigit, öňki neşe söwdagäri, mekdebi ikilige gutaran, türmede-de bir çeper eser okamadyk (bulary onuň özi öýlerinde, aýat-doga okalandan soň oturan azajyk wagtymyzda gürrüň beripdi) meni öz deňinde goýýardy. Dogry aýdýar, men eden işimi çagalarym üçin edipdim, ýöne men neşe satmandym, hakykaty aýtjak bolupdym. Hakykat bolsa, meniň çagalarym bilen bile, uly iliň çagasyna, hatda neşe söwdagärleriniň, olardan para alýan häkimiýetleriň çagalaryna-da gerekdi. Emma muny ne öňki neşe söwdagärine, ne ondan para alýan häkimiýet wekillerine, ne-de umumy halk köpçüligi diýilýäne düşündirip boljakdy. Sebäbi neşe söwdagäri häkimiýetlere gerekli adamdy, ony gowy görýärdiler, ondan peýda bardy. Şonuň üçin ol yzyndan islän wagty azyk, derman, ýyly eşik, arak-şerap alyp bilýärdi. Aýaly bilen, çagalary bilen görüşmek hem problema däldi. Türme ýolbaşçylary oňa gaty-gaýrym söz diýmeýärdiler, çünki iýen agyz uýalýardy. Muny onuň özi gürrüň beripdi. Meniň ýagdaýym başgady. Mende olaryň agzyny ýaglamaga artyk pul ýokdy. Üstesine, yzymdan gelen azykdan ogurlasalar, men olaryň ýüzüni gyzardýardym. Onsoň meni häkimiýetde gowy görýän ýokdy, käbiri ýagdaýyma düşünýärdi, emma olaram jenaýat çukuryna gaçan jemgyýetde hakykaty gözlemegiň gowulygyň üstünden eltmejegini gowy bilýärdiler. Bu hili adamlar maňa dälimi, tentekmi ýa ýene bir zatmy diýip, şübheli garaýardylar. Men gazandym, golaýyma gelmejek bolýardylar, sebäbi öz garalary hem ýetikdi, meniň garam artykmaç boljakdy... Indi men oba barsam, gaýdan adamlaryň ýerine hem görünmekden çekinip başladym. Sebäbi ölen bendäň ogly neşe satyp ýa para alyp, ogurlyk edip, adam öldürip türme düşen we para berip boşan bolsa, soňam meni özi bilen deň däl, özünden pesde goýsa-da, oňa diýmäge söz tapyp biljek däldim."