Il ýaly bolsaň
Adam aýtdy:
"Diýilýän, aýdylýan zat kän, haýsy birini etjek? Mysal üçin, aýyn bolmasa ile meňzeş bol, dinden çyksaň çyk, ilden çykma, depä çykyp seret, iliň ugry hanjak bolsa, senem ýüzüňi şol tarapa öwür diýýärler. Ogurlyga, ýalançylyga, ikiýüzlülige itekläp bilmedik döwlet töhmet atyp, türmä basanda, ýurtdan gaçmaga mejbur edende, il näme etdi? Eger ile meňzeş bolsam, il-günüň gelejegi gömülýän, özi ýok edilýän wagtynda, öz bolşy ýaly, döwletiň gazetlerinde, radio-telewideniýesinde aýdýan samahyllylaryna gulak asyp, içimden dek gezsin, özi düzüw bolsa, bu günlere düşmezdi diýip, menem sesimi çykarman oturmalymy?"