Balarylar bilen adamyň tapawudy

Adam aýtdy:

"Telewizorda gördüm, balarylar üýşüp, bala batan balarynyň kellesini, aýaklaryny, ganatlaryny arassalaýarlar. Ýogsa ol uçmak, ýene bal ýygnamak däl, ýerinden gymyldap hem biljek däl. Emma adamlar käte üýşüp, başarsalar, gül ýaly işläp ýören adamy, öz dostlaryny ýa öňe saýlanan talantly kärdeşlerini, emel edip, her hili ýol bilen bal duzagyna düşürýärler. Soňam arassalamga, tämizlenmäge kömek etmäge derek, ony has hapalamaga, işlemek däl, ile çykmaz ýaly, maşgalasynyň arasynda hem utanyp, ýüzüni ýerden galdyrman ýaşar ýaly etmäge çalyşýarlar. Megerem şondan, adamlar gowulykda tapawutlanmakdan, haýyr iş etmäge çalyşmakdan gorkýarlar."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024