Parahatçylykly çözgüt

Adam aýtdy:

"Garry enem ahyry şerçi jigimi tamdyryň daşyndan aýlap, agzyna galoş bilen urmakdan başga alaç tapmady. Şondan soň ol sähel zada yrsarap, galmagal turuzmagyny, uly sesini edip aglamagyny bes etdi. Ondan öň, aglamadyk wagtynda hem, enem ýa ejem bir zat diýse, ol kes-kelläm tersine tutardy, dil çykaraly bäri öwrenen ähli sözüni ulanyp sanaşardy. Enem pahyr çydaman, alla, şuňa-da bir akyl bereweri diýse, ol ýok, alla, maňa akyl berme diýip gygyrardy. Bir gezek enemiň obada ýaşaýan aýal dogany, 80 ýaşly daýzam gezmäge geldi. Ol jigimiň şermendeligini görüp, getiriň şony meň ýanyma, agzyna buşugaýyn diýip, köýnegini çekip, uçguryny çözen boldy. Jigim sesini kesip, ozal eşitmedik haýbatyna bir üşerilen ýaly etdi-de, derrew munuň boş haýbatdygyna düşündimi, nämemi, öňküdenem beter ses etmäge başlady. Enemiň dogany toba, şu güne çenli agzyňa buşukjak diýlende turup gaçmaýan çagany görmändim, munyňyz äjit-mäjide meňzeýär diýdi. Soňky döwürde polisiýa, gara güýje, üstesine propaganda daýanyp, kanuny talap bilen köçä çykýan raýatlaryny basyp ýatyrmaga çalyşýan häkimiýetleri göremde, näme üçindir, garry enem bilen gyz jigimiň arasynda bolan gapma-garşylyklar we olaryň parahatçylykly çözgüdi ýadyma düşýär. Megerem indi bir-birine sesini ýa elini gataldýanlaryň arasyndaky dawany çözmek üçin allany çagyrmagy bes etmeli, odan peýda ýok. Sebäbi iki tarap hem sesini gataldyp we allany çagyryp bilýär. Onsoň hudaý haýsy tarapyň tarapyny tutjagyny bilmän, meseläni adamlaryň özlerine goýýan bolmaly. Adamlar, bolmanda simwoliki ýagdaýda, galoşy synap görse nähili bolarka?!."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024