Mantyk meselesi
Adam aýtdy:
"Kakam garaşsyzlyk gelende, mantyksyz millet uzak manty iýip bilmez, minnet iýer diýip köp gaýtalardy. Suw görmän tamman çykarýarlar diýerdi bende. Ömrüni mugallymçylyk bilen geçirdi. KGB kowýança işledi. Okatjak, öwretjek bolup, ikilikçileriň hem özlerine, hem ene-atalaryna ýigrenji boldy. Mekdep direktory ondan beýle çyny bilen okatjak bolmazlygyny, beýleki mugallymlar ýaly bolmagyny, bahalary ösdürip goýmagyny talap ederdi. Sebäbi mekdep ýolbaşçylaryndan ýokary gatnaşyk, ýokary ýetişik talap edilýärdi. Ol talaby gözboýagçylyk etmän ödemek mümkin däldi, çagalar köplenç gowaça meýdanynda işlemeli bolýardy. Gysgaça, sowet hökümetine hakyky okuwly adamlar gerek däldi. Bir gezek şäherden oba gelemde, kakamy iň kän käýiden ikilikçileriň biriniň başlyk saýlananyny eşitdim. Soňabaka näçe inçe çekimli, näçe ýogyn çekimli bar, näme üçin ýogyn ýa inçe çekimli diýilýär diýen ýaly soraglara jogap berip bilmän, sapak arasynda kakamdan soraýan mugallymlar, tanyş görüp, ugruny tapyp, at gazanan-beýleki diýen derejeleri aldy. KGB kakamyň garşysyna gowy işledi, onuň agtyklary okamakdan geçip, il ýaly, gyltyma kowalaşmak ýoluna düşdi. Ýurt çökensoň, doganlarymyň çagalary, çagalaryny taşlap, Türkiýä hammalçylyga çykdy. Indi arada internet aragatnaşygy bar, telefonda iki agyz hat ýazyp, hal-ahwal soraşyp bolýar. Emma men olaryň ýazýan sözlemlerine düşünmekde, many almakda kynçylyk çekýärin. Döwlet TW-siniň samramalary ýaly, olarda söz kän, ýöne mantyk az. Telefonda gürleşseň, diňe hudaýa şükür, ýagdaýymyz gowy diýýärler, başga gürrüň etmekden gorkýarlar."