Tanyşlyk
Adam aýtdy:
"Beki Seýtek ýolda ýa iş kabinetinde, telefonda gürleşsin, tapawudy ýok, ýap-ýaňy gürleşen, gülşüp-degşen kärdeşleriniň yzyndan "Doganyň s..." diýip, hapa söger eken. Bir gezek onuň "Sowet edebiýaty" žurnalynyň redaksiýasyndaky iş kabinetine Şäher Borjak gelip, hal-ahwal soraşypdyr. Emma Şäher aga hoşlaşyp çykan badyna, belet bolansoň, ara salym salman ýapan gapysyny açyp, Beki agany ýaňy "Doganyň..." diýen ýerinde tutupdyr. "Seniň "Doganlaryňy s..." diýip, Şäher aga diňe özüne däl, Beki agany meşhur eden kitabyna hem sögüp, kärdeşinden aryny alypdyr. Beki Seýtek stolunyň başyndan turup gelip, Şäher Borjaga "Aldyň, ber bäşi!" diýipdir. Bu gürrüňi bir däl, lap etdigim bolmasyn welin, azyndan on ýazyjydan eşidendirin. Ýöne her gezek eşidemde, "bu ýerde näme gülkünç zat barka, gaýta döredijilik intelligentsiýasynyň aç-açan, bihaýa ikiýüzlüligine aglamaly dälmi?" diýip, özüm özüme sorag bererdim. Indi özüme başga sorag berýärin: Beki Seýtek kärdeşlerini hem, özüni hem tanap sögünen bolmasyn?"