Görelde

Adam aýtdy:

"Gadym zamanda Ibn Haldundan "Çagalarymyza nähili terbiýe bereli?" diýip sorapdyrlar. Ol "Çagalaryňyza terbiýe berjek bolup, azara galmaň, olar barybir siziň özüňize meňzär, gowusy özüňizi terbiýeläň" diýipdir. Gabat gelşini görsene, enem-atam sowet gazet-žurnallaryny ürç edip okardy we il ýüzüne olarda aýdylýan zatlara güp ynanan bolardy. Emma olar hakykatda, garry atamyz 1937-nji ýylda halk duşmany diýlip türmä basylansoň, partiýanyň bir sözüne hem ynanmazdylar. Menem şeýle boldum, bir sözüne ynanmasam hem, döwlet mediasyndaky wagyzlara güp ynanan bolýaryn, ýogsa işimden kowjaklar. Onsoň, gerek bolsa çärelere hem gatnaşýaryn, gyssaga düşsem, içimden näme diýip gargaýan-da bolsam, o nemä şöhrat diýibem gygyrýaryn. Sebäbi salym gowşak, eklenç üçin nämeler etmedim. Ömrümiň ýary däl, bäri ýalan çukuryna gaçan ýaly. Çagalarym hem şeýle, meniň göreldäme eýerýärler. Häzirlikçe köp adam başga çykalga görmeýär."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024