Ertiriň aladasy
Adam aýtdy:
"Biz alty dogan, kakamyz ir ýogaldy. Ejemiziň jany sag bolsun, hemişe öý işimizi, mekdepde alan bahalarymyzy sorardy. Şükür, hemmämiz öý-işik bolduk, işläp ýörüs. Arada uly agamyz ogluny öýerdi. Adat bolşy ýaly, toýa ýerli-ýerden kömek etdik. Elbetde, hiç kimde artyk zat ýok. Emma berlen terbiýeden gitjek ýeriň ýok, doganyň toý etse, biraz eliňi açmaly bolýar. Toýdan bir hepde soň, ejem bilen salamlaşyp geçeýin diýip, işden gelşime garry öýe sowuldym. Ejem Begenip: "Geleniň gowy boldy, toýdan bäri barybam bilemizok, agaňlara baryp gaýdaly" diýdi. Gitdik. Gaýyn enemiz söýýän eken, maşyndan düşenimizden maňňalda galan çişlikleriň ýakymly ysy burnumyza urdy. Özleri ýaňy iýip, töwir galdyran ekenler. Agam turup, maňňalda duran çişleriň iki sanysyny alyp gaýtdy. Emma çişlikden öň onuň aýalynyň aňyrdan aýdan sözleri ýetdi. Ol adamsyna "Ertirem bardyr" diýip gygyrýardy. Ejem sypaýyçylyk edip, duz datdy, emma meniň elim çişlige uzamady. Öýe gelip, bolan wakany çagalaryma gürrüň berdim. Şondan bäri öýde, biri giçlik bir zat iýjek bolsa, "Eý, ertirem bardyr" diýýärler."