Agzybirlige ynam
Adam aýtdy:
"Aýyn bolmasa, "Biziňkiler ne ýurt içinde, ne daşynda birleşip bilýär, iki adamyň agzy birigenok" diýýärler. Ýalan. Hanha, Stambula baryp, alty bolup bir jaýda kireýine ýaşaýan ildeşlerimiziň bäşisi birleşip, altynjysyny 3-nji gatdan ýere zyňypdyr! Bilýän, bu seýrek bolýan zat diýersiňiz. Emma Ylymlar akademiýasyny, Bilim ministrligini bisowat adamlaryň üýşmeleňine öwrenler bu üstünligi birleşmän gazandymy? Okuw jaýlaryny bisowat adamlara diplom satýan dükana öwrenler her ýyl täzeden, onda-da ussatlarça birleşmeýärmi? Hukuk goraýjy edaralarda, parlamentde, köpçülikleýin habar serişdelerinde işleýänlere näme diýjek? Olar galplykda nähili agzybir, nähili jebis? Ýalňyşlyk bolup, bir düzüw adam öňe çykmasyn. Eger çyksa, biziňkiler onuň başyny agzybirlik bilen, salymyny bermän iýerler. Ozallar muňa şübhelenerdim, içimdäki pikirimi aýtmaga gorkardym, indi hiç şübhäm ýok, özümiziň örän agzybir halkdygymyza ynanýaryn. Ýöne düzüwlikde däl, terslikde."