Berkararlyk bolanda

Adam aýtdy:

"Özüm mugallym, üç oglum, iki gyzym bar. Üç oglumam mekdebi gutardy, emma hiç bir okuw jaýyna girip bilmediler, sebäbi para bermäge pulumyz ýok. Ikisi harby gullugyny tamamlady, tapan işlerinde işlediler. Emma idili gazançlary bolmady. Ahyrynda ulusyny prosentine pul karz alyp, Türkiýä işlemäge ugratdyk. Şükür, işläp ýör. Günde 12 sagat işläp, özünden artanja puluny bärik iberýär. Ilki bergimizi üzmeli, soň ikinji oglumy hem Türkiýä çykarmakçy bolýaryn. Üçünji oglum gullukda. Belki, olam gullukdan soň Türkiýä gider. Gyzlarym hem basym mekdebi gutarjak. Emma olary, durmuşa çykyp, ýanýoldaşlary bilen gitmeseler, özüm daşary ýurda işlemäge iberip bilerin öýdemok. Eger çagalarym sag-aman bagtyýarlykdan gaçyp gutulsa, özüm aýalym bilen meniň alýanja aýlygyma ýa-da geljekde aljak pensiýama ölýänçäm saklanyp bilerin öýdýärin. Ýöne hökümetiň uzak aýlyk, pensiýa berip biljegine ynamym ýok. Altyn asyr eýýamyndan soň Bagtyýarlyk we berkararlyk bolanda, kyn bolýan eken."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024