Müýn duzagy
Adam aýtdy:
"Sowet ýyllarynda obamyzda iki-üç sany tirýekkeş bardy. Olar kän ile çykmazdylar, ýöne toýa bolmasa-da, ýasa görünmeli bolardylar. Ýaşdym, ilkinji gezek adam jaýlamaga gatnaşyp, ýas ýerine gelip oturyşymdy. Şol neşekeş diýilýänleriň biri hem merhumyň ýerine görünmäge geldi. Ol öleniň golaý goňşusydy. Ýöne uzak oturman turup gitdi. Ýanymda oturan ýaşuly başyny ýaýkap, eşidiler-eşidilmez pyşyrdady: "Özi owarram, aýalyna-da öwredip, işigaýdan" diýdi. Birazdan ol, meniň soraglary gözlerime seredip, "Aýalyndan gorkýan neşekeşleriň köpüsi şeýle, "igenmesin, azar bermesin" diýip, aýallaryna hem çekmegi öwredýärler" diýdi. Soň, sowet dolandyryşy dargap, ozal esasan toý bagşylarynyň käri bolan neşekeşlik iň ýokary ýolbaşçylaryň hem arasynda ýoň bolup ugranda, obamyzyň awtobus duralgasynda ýene şol "neşekeşlere belet" ýaşuly bilen gabatlaşdym. Ol: "Bular bütin milleti neşekeş etmese-de ýagşy" diýdi. Elbetde, aýdyp oturmak artykmaç, ýurtda prezident çalyşýança näme bolanyny hemmeler bilýär. Ýöne beterden-beteri bar: ýokardakylar neşeden başga, ogurlygy, para alyp-bermegi hem öwretdiler halka, indi milletiň olara igenere ýüzi ýok, her kim başaran ýerinde, uludan ýa kiçiden ogurlyk edýär. Adamy mätäç saklap, aç it ýaly, ogurlyk etmäge mejbur etseň, aňsatja sesi çykmaz ýaly edip bolýan eken. Şonda-da iki-ýeke dürs tapylýar, ýöne olary hukuk goraýjy işgärler ussatlarça garalap we dymdyryp bilýärler."