Milli gorp

Adam aýtdy:

"Obadan gelip, Aşgabatda kireýine jaý alyp okaýarkak, şäherde ýaşabam okamagy, ýazmagy öwrenmedik, ýöne ene-atasynyň howlusynyň arkasyndan bizden gowy ýaşaýan oglanlar bardy. Ýöne ol wagt bu ýagdaýyň milli gorpa öwrüljegini pikir etmändiris. Ikilikçiler ýokaryk çekilip ugranda, ýurtdan gaçmaly bolduk. Ol wagt o taýda häzirki ýaly internet mümkinçiligi ýokdy, akylly telefonly adam hem azdy. Indi başga ýagdaý, görmedik ýegenlerimiz, inilerimiz mekdep gutardy, telefonlaryna girip, yzymyzdan hat ýazýarlar, telefonda ony-muny paýlaşýarlar. Ýöne içinde, sözlemi diýmäýin, iň ýönekeý sözleri hem dogry ýazyp bilmeýäni kän. Eger-de "mekdebi gutardyňmy, okadyňmy?" diýip sorasaň, "meniň attestatymda ýekeje üçlügem ýok" diýip jogap berýärler. Emma üçlük sözüni hem dogry ýazyp bilmeýärler. Iň gaharyň gelýäni bolsa, paýlaşýan zatlary. Nirede bolgusyz zatlary öz görenleri bilen oňman, saňa-da iberýärler. Ozal bu derejäni bilmeýärdik ýa kän üns hem bermeýärdik. Ýa-da internet biziň aýbymyzy açdy. Pikir etseň, ýatyp bolmaýar, bulardan bolan çagalar nähili bolar?"

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024