Ejiziň çykalgasy

Adam aýtdy:

"Çaga ýa ýaş-ýuş däl, ýeňsäňden sögüp ýören, aňly-düşünjeli bolan bolýan uly adam ýüzüňe öwende, saňa näme diýýär, bilýärmiň? Ol: "Sen samsygyň samsygy!" diýýär. Ol seniň özüň hakda edýän gürrüňleriňi bilýäniňi, onuň başgalara elektron poçta arkaly iberen ýalan, mertebä tokunýan sözleriniň birki günden seniň özüňe hem gelip gowuşýanyny bilýän däldir diýmegiň mümkin. Ýok, ol munuň bolup biljek zatdygyny, sebäbi edilýän gürrüňleriň ol ýa-da beýleki görnüşde gürrüňi edilýän adamlara ýetrilýändigini, munuň adam dil açyp, söz ulanyp başlaly bäri kadadygyny bilmez ýaly samsyk däl. Emma ol seniň sypaýyçylygyňdan, ýüzüne gelmän edep saklamagyňdan ruhlanýar. Dogry, käbirleri şeýle adamlaryň ýüzüne gelýär, emma ikiýüzli adam birbada haýalçyrasa-da, birazdan köne endigini dowam etdirýär. Sebäbi ol şeýdip, öz-özüne kompensasiýa bermäge, ýagny başgalary garalamak bilen, özüni aklamaga endik edinen. Kemiň-köstüň kän bolsa, olary düzetjek bolmakdan ejiz bolsaň, belki, bu-da bir çykalgadyr."

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024