Bardan ýok bolmagyň anatomiýasy
Adam aýtdy:
"Bizde çaga-da, ýetginjege-de, uly adama-da esasy berilýän akyl-terbiýe ýa-da maslahat "ile meňzeş bolmak" bilen bagly. Aýyn bolmasa, "Il ýaly bol, ilden artyk boljak bolma" diýýärler. "Depä çyk-da seret, iliň ugry hanjak bolsa, senem şol tarapa git" diýip, käbirleri muny has owadanlap aýdýar. Ýene bir söz bar, "Dinden çyksaň çyk, emma ilden çykma" diýýärler. "Gezegen aýak poh basar" hem diýýärler. Bu kän gezmeli däldigini, bolar-bolmaz ýerde ykmaly ýa entäp ýörmeli däldigini, il deňinde öýüňe ýygnanmalydygyny aňladýar. Belki, başga-da şuňa meňzeş akyllar bardyr. Olar, bir görmäge, ters hem däl. Emma olaryň diňe gorky, töwekgellik etmezlik, oňaýly, ýyljak ýeriňde galyp, synanyşyk etmekden saklanmak, diýmek, öz-özüňi ýok etmek bilen baglydygyna indi-indi düşünýärin. Çagakam, goňşy çagalar bilen oýnap ýörkäm, olaryň özüme "goşakelle, süýrikelle" diýip beren gyjalatlaryndan basylyp, öýe aglap gelenim ýadymda. Öňümden ejem çykdy. "Dogurjak bolsaň, beýleki çagalaň ýaly, ile meňzeş edip dogurmaly ekeniň-dä, men bu goşa kelle bilen nädip ýaşaýyn? Köçä çykman oňaýynmy? Ýa ömrümboýy gep çekip ýaşamalymy?" Ejem güldi: "Wah, balam, men seni ýörite şeýdip dogurdym, "ilden üýtgeşik bolsun" diýdim, olar saňa göriplik edýändir" diýdi. "Nemäme göriplik etsinler, şu goşa, süýri kellämi?" diýip, men iki elim bilen kellämi tutup, aglamjyrap soradym. "Hawa, şol goşa kellä, sebäbi olaryň biri akyl, biri şekil, beýleki çagalaryň ejeleri hem öz ogullaryny şeýdip bir kellesi akyl, beýlekisi şekil edip dogurjakdy, emma olar başarmadylar, diňe men başardym." Ejemiň gülmän-yşman, meni bagryna basyp aýdan sözleri meniň ilki çagalymda, soň galan ömrümde eşiden we çyndygyna ynanmak islän iň gowy komplimentim boldy we ylgap köçä çykdym. Ýeňlip gidenime begenip, ýaňy bir ýeňijiniň keýpi bilen oýnap başlan çagalar gaýtadan hor bolup gygyrmaga, meni gižželemäge başladylar: "Goşakelle gelýä, süýrikelle gelýä!" Emma men eýýäm başga çagadym, ýap-ýaňy aglap, nadaralykdan basylyp giden ýa göreşde ýykylan päliwan däldim. Men iki elim bilen kellämi tutdum-da, olaryň gözlerine göni seredip ýylgyrdym: "Biri akyl, biri şekil, ejem meni ýörite şeýdip dogurdy, siziň ejeňiz beýle ogul dogurmagy başarmady. Içiňiz ýanýamy, hä?" Bu sözleriň güýji, köçäni birden gaplap ümsümlik şindi hem ýadymda. Şondan soň maňa "goşakelle" diýen bolmady. Ilki mekdebi, soň medisina institutyny tamamladym. Eli ýeňil diýilýän, il içinde sylagly lukman bolup ýetişdim. Emma ýuwaş-ýuwaş umumy kaýyllyk, umumy tabynlyk sürüsine goşulanymy, suwdan doldurylan gazanda çorba atylan sogan ýaly eräp gidenimi duýman galdym. Dogry, ilkiler bu üýtgeşikligimi, bolmanda öz ýanymdan, pikirimde, ýüregimde sakladym. Ol maňa öz üstümde kän işlemäge, başgalaryň okamaga, öwrenmäge ýaltanan zatlarynyň hem üstüne gitmäge güýç berdi. Emma indi, il bilen ýowara sürseler, dynç günlerimde ýowara çykýaryn, ýagynly howada pagta ýygmaga gitmeli diýseler, sesimi çykarman, işimi, näsaglary taşlap, pagta gidýärin. Ýa işde ýygnak geçirip, biriniň beýikligine el çarpmaly diýseler, ellerimi agyrýança çarpýaryn. Sebäbi men, il ýaly bolman, işimi ýitirmekden, soň ondan hem beter günlere düşmekden gorkýaryn. Haýp, ejemiň meni ilden üýtgeşik, biri akyl, beýlekisi şekil goşa kelle edip dograny."