Ildeşlik gatnaşygy
Adam aýtdy:
"Onlarça ýyl bäri açyk, öz ene-atamyň dakan ady, atamyň ady bilen işleýärin, bir tonna dollarda millioner ýa milliarder duşman edindim. Belki-de duşmanlarymdan gorkup, duşman däller hem golaýyma gelip ýa telefon edip bilenok. Tersine, duşmanlaryma ýaranyp, açyk ýa lakam astynda hüjüm edýän batyrlar tapylýar. Ýöne juda zerur bolanda, gyssagly geregim çyksa, mätäç bolsalar, käbiri lakama bukulyp, elektron aragatnaşyga çykýar we kömek soraýar. Nämemiş, men olara ol ýa-da beýleki meselede kömek etmelimişim. Başda olaryň käbirine kömek etmäge, bilenimi maslahat bermäge çalyşdym. Emma soňundan, iň bolmanda sypaýyçylyk üçin, ne sagbol, ne taňryýalkasyn bar. Indi jogap bermäge däl, kimdigi näbelli mätäçleriň ýazan hatlaryny okamaga-da wagt ýitirmeýärin."