Adamyň garaňky tarapy
Adam aýtdy:
Adam aýtdy:
"Çagakam kakam ýüzi gyrawlap duran gyzgyn mäşden iýip agzyny ýakan, emma ýoldaşynyň "näme boldy?" diýen soragyna "ýola çykamda, yzda bir hassam galdy, şol ýadyma düşdi" diýip, onuň hem agzyny ýakmagyna garaşan we soň ondan "näme boldy?" diýip soran myhman hakynda gürrüň beripdi. Şonda men ullakan adamlaryň öz gören kösençligini başgalaryň hem görmegini islemeginiň, ondan nähilidir bir teselli tapmagynyň sebäbine hiç düşünip bilmän, uzak wagtlap oýlanyp gezipdim. Soň, 1980-nji ýyllaryň aýagynda Moskwada çykýan rus gazetleriniň birinde "Podwal" (Ýerzemin) atly makalany okap, onda özleri klasdaş oglanlary tarapyndan ýerzeminde zorlanan ýaş gyzlaryň soň öz joralaryny, başga gyzlary hem "ýerzemin duzagyna" salmaga kömekleşişleri, olaryň toparlaýyn zorlanyşyna tomaşa edip, öz aryny bigünä çagalardan alyp, özlerine teselli tapyşlary barada okap, haýran galypdym. Emma düýn adam barada käbir zatlara düşünen ýaly boldum. Bu şeýle boldy. Gyzym bilen şähere çykyp, şäheriň içinde park edere boş ýer gözläp kösenmäli diýip, maşynymyzy bir söwda merkeziniň aşagynda goýduk-da, metro almak üçin ýokaryk çykdyk. Gitjek ugrumyzyň otlusy ýaňy gelip duran eken. Ylgadyk. Ilki baran wagonymyzyň gapylarynyň agzy dyknyk eken. Gyzym yzdaky wagona ümläp, "Eje, o wagon boşlaw, gapylarynyň agzam adamdan hümer däl" diýdi. Dogrudanam, o wagonyň gapylarynyň agzy ala-böle boşlawdy. Ýogsa ondan aňyrdaky wagonyň hem gapylarynyň agzy adamdan myg berýärdi. Wagt ýitirmän ylgap, gapylar ýapylmazynyň öň ýany wagona girdik. Ýöne arkamyzdaky gapy ýapylan badyna ýalňyşanymyza düşündik, emma eýýäm giçdi. Biz ýaly howlugyp, boşlaw wagona ylgap giren beýleki ýolagçylar eýýäm burunlaryny tutup, gaçara ýer gözleýärdiler. Sebäbi wagonyň öň tarapyndaky oturgyçda keserip ýatan adamdan aňkaýan porsy ys wagonyň içini tutup, aňryňy bärik getirýärdi. Hemme kişi gyssanmaç, elleri bilen burunlaryny tutup, wagonyň yz tarapyna çekildi. Bizem şeýtdik. Wagonyň öňünde ýatan adam bilen yzdaky üç-dört sany ýolagçynyň arasy açyk meýdan bolup galdy. Emma ol açyk meýdanda dem alara howa ýokdy. Kelläme gelen zat "wah, trolleýbus hem däl, aýnalaryny açardyk" diýen süýji arzuw boldy. Şu aralykda meniň gözüm goňşy wagondaky ýolagçylaryň gözlerine düşdi: olar iki wagonyň arasyndaky aýna gapynyň aňyrsyndan biziň bolşumyzy, porsudan gaçyp edýän hereketlerimizi, ýüzümizi çytyşymyzy, gadymy bir sungat eserini synlaýan ýaly, uly gyzyklanma bilen synlaýardylar. Geň galmaly ýeri, olaryň gözlerinde nähilidir bir düşündirip bolmaýan şatlyk bar ýalydy. Men bu şatlyga, ol adamlaryň başdan geçirýän geň duýgularyna biraz soň düşündim. Otly nobatdaky duralgada duran badyna gapa ylgap, yzdaky wagona geçdik we ol ýerde ýap-ýaňy biziň bolşumyzy synlap, ýüzi gülen adamlaryň ornuny aldyk. Indi olara derek biz yzdaky wagona, boşlaw wagona gyssanyp münen ýolagçylaryň gapylar ýapylandan soňky boluşlaryna uly gyzyklanma bilen syn edýärdik. Bu, o ýerde özüň bolmasaň, dogrudanam täsin bir tomaşady. Emma bu ýagdaýyň esasy täsinligi başga zatdady: ol adamlaryň görýän görgüleri ýap-ýaňy başyňdan geçenem bolsa, sen indi oňa başgaça, özüňe dahylsyz bir zat ýaly seredýärdiň. Men o wagondan biz bilen bile gaçan adamlaryň hem ýüzlerine seretdim, olaram yzdaky wagonyň pidalaryny lezzet bilen synlaýardylar. Indi men jaýy ýykylan adamlaryň beýlekileriň jaýynyň ýykylmagyna, işini ýitirenleriň beýlekileriň işini ýitirmegine, türmä basylanlaryň beýleki birleriniň hem türmä basylmagyna begenmeginiň sebäbine düşünjek bolýaryn. Ýöne kellämde ýene bir sorag döredi: Ölenlerem beýlekileriň ölmegine begenýärmikä? "Jähenneme giden özüne ýoldaş agtarar" diýleni şu bolmasyn?"